Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsüme başlaýar: täze çykyşlar, dürli haýwanlar...

  • 20.08.2024 16:00
  • 6.7k+

1-nji sentýabrdan Aşgabatdaky Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsüme badalga berýär. Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary garaşýar.

Şeýle hem tomaşaçylar dünýä meşhurlyk gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlaryna, “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlary toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.
1-nji sentýabrda sirk çykyşlary 18:00-a başlanar.
Petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassalaryndan alyp bilersiňiz!
Goşmaça maglumatlar sirk.gov.tm saýtynda bar.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
36-10-95;
36-10-34.


şu gün 19:04
788

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......