ABŞ-da garrama garşy göreşmek üçin derman serişdesi taýýarlanýar: ol itlerde synagdan geçirilýär

  • 20.08.2024 14:28
  • 7.8k+

ABŞ-da alymlar garramagy haýalladyp biljek derman serişdesini işläp taýýarlaýarlar. Häzirki wagtda Telomir Pharmaceuticals bilen Kliwlend klinikasynyň ylmy gözlegçileri derman serişdesini itlerde synagdan geçirýärler diýip, ABC telekompaniýasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Bellenilişi ýaly, derman serişdesi eýýäm iki garry itde oňyn netijeleri görkezdi. Terminal tapgyrda rak keseli bolan nemes owçarkasynyň we artritli nýufaundlendiň ýagdaýy gysga möhletiň içinde ep-esli gowulaşdy.
Alymlaryň aýtmagyna görä, derman serişdesi organizme sütün öýjüklerini öndürmäge itergi berýär, bu hem ony “ýaşartmaga” mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda synaglara 10 it gatnaşýar.
Ylmy gözlegiň netijeleri 2025-nji ýylyň başynda hödürlener. Eger olar üstünlikli bolsa, adamlarda kliniki synaglar eýýäm 2025-nji ýylda başlap biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....