ABŞ-da Portlendiň howa menzilinde täsin agaç üçekli terminal açyldy

  • 20.08.2024 12:36
  • 5.5k+

Portlendiň halkara howa menzilinde (Oregon ştaty) meýdany 3,6 gektar bolan agaç üçekli täze esasy terminal açyldy. Bu ABŞ-da uly agaç gurluşyk desgalaryny ulanan ilkinji iri howa menzilidir diýip, New Atlas habar berýär.

Özboluşly desga ZGF Architects binagärlik kompaniýasy tarapyndan döredildi.
Ýerli agaçdan ýasalan üçegiň agramy 8 million kg. Işläp duran howa menzilinde amatsyzlyklary azaltmak üçin inženerçilik ulgamlaryny we 49 sany yşyk lýuklaryny  öz içine alýan üçek zawodda öňünden ýygnaldy.
Howa menzilini giňeltmegiň taslamasy öň aýry duran üç binany bir üçegiň astyna  jemledi. Üçegi otuz dört sany seýsmoizolýasiýaly Y şekilli sütünler saklaýar, bu gurluşa 9 bally ýer titremelere çydamly bolmaga mümkinçilik berýär.

Terminalyň içerki görnüşi Place landşaft dizaýn şereketi bilen bilelikde işlenip düzüldi we 72 agaçdan, kaskad baglaryndan we 5000-den gowrak ösümlikden ybarat.
Howa menzilini giňeltmek işi - 2 milliard dollarlyk düýpli abatlaýyş işleriniň bir bölegidir. Taslama Portlendiň pyýadalara niýetlenen köçelerini ýada salýan oňat gurşaw döretmeklige gönükdirilendir. Ähli işler tamamlanandan soň, howa menziliniň kuwwaty iki esse artar we howa menzili 2045-nji ýyla çenli ýylda 35 million ýolagça hyzmat edip biler.
Şol bir wagtyň özünde, Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäniň iň beýik gökdirän agaç binasyny gurmagy meýilleşdirýär.


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......