ABŞ-da agaçdan 55 gatly dünýäde iň beýik gökdirän binany gurmak meýilleşdirilýär 

  • 13.08.2024 14:28
  • 16k+

Miluokide (Wiskonsin ştaty, ABŞ) agaçdan dünýäde iň beýik gökdirän binany gurmak meýilleşdirilýär. Taslama Michael Green Architecture (MGA) binagärlik býurosy tarapyndan işlenip taýýarlandy diýip, New Atlas ýazýar.

Bina 55 gatdan ybarat bolup, dünýäde bar bolan iň beýik agaç binadan – Miluokide ýerleşýän 25 gatly Ascent diňinden ep-esli beýik bolar.
Täze diň 750 ýaşaýyş jaýyny, takmynan, 17 600 inedördül metr ofis jaýlaryny, 3700 inedördül metr söwda meýdançalaryny, 300 myhmanhana otagyny, awtoulag duralgasyny, jemgyýetçilik ýerlerini we pyýada ýollaryny öz içine alar.
Taslamanyň bahasy 700 mln dollardan gowrak bolup, agajyň gaýtadan dikeldilýän çeşmedigi üçin ekologiýa taýdan durnukly bolmaga wada berýär.
MGA häzirkizaman agaç materiallarynyň ýokary derejede berkdigini we oda çydamlydygyny, şol sebäpli olaryň beýik jaýlary gurmak üçin iň laýyk materialdygyny belleýär.


düýn 09:50
3.8k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......