Ilon Mask X-y halas etmek üçin ýene-de Tesla-nyň paýnamalaryny satmaly bolup biler

  • 19.08.2024 18:51
  • 11k+

Ilon Maskyň eýeçiligindäki X kompaniýasy (öňki Twitter) çynlakaý maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. The New York Times gazetiniň habar bermegine görä, kompaniýa 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde 114 million dollar girdeji gazanyp, bu 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 53% azdyr.

Girdejileriň azalmagy we işjeň ulanyjylaryň 23% azalmagy maýadarlaryň arasynda ynjalyksyzlyk döretdi.
Tesla-nyň maýadarlary, şol sanda Halter Ferguson Financial-dan Bradford Ferguson Maskyň X-y goldamagy üçin awtoulag öndürijisiniň 1 milliard dollarlykdan 2 milliard dollarlyga çenli paýnamasyny satmaly bolmagynyň mümkindigine ynanýarlar. Bu Teslanyň paýnamalarynyň bahasyny 5%-den 10%-e çenli peseldip biler. Mask 2022-nji ýylda Twitter-iň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek üçin Tesla-nyň 7,5 milliard dollarlyk paýnamasyny satypdy, ýöne şonda ol 18-24 aýlap paýnama satmajakdygyna ynandyrypdy.
X bilen bagly ýagdaý garaşylyşyndan has erbet görünýär. Fortune-niň habar bermegine görä, kompaniýanyň girdejisi 2022-nji ýylyň ikinji çärýegi - kompaniýa heniz köpçülige açyk we Mask tarapyndan satyn alynmadyk wagty bilen deňeşdirilende 84% azaldy.
X-nyň maliýe kynçylyklary Mask kompaniýany satyn alanda alan 13 milliard dollar karzy baradaky karz şertnamasynyň şertlerini bozmazlyk üçin, goşmaça çeşmeleri talap edip biler.


düýn 12:04
1.1k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.6k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......