Ebedi buzluklaryň eremegi ummanyň kömürturşy gazyny az siňdirmegine sebäp bolýar

  • 19.08.2024 14:36
  • 8.3k+

Arktikanyň kenarýaka sebitlerindäki ebedi buzluklaryň eremegi, ummanyň atmosferadan kömürturşy gazyny (CO2) siňdirmegine ýaramaz täsir edýär. Bu barada Nature Climate Change žurnalynda çap edilen täze barlagda aýdylýar.

Buzluklaryň eremegi bilen suwuň düzümindäki CO2 artýar, bu bolsa suwuň CO2-ni howadan siňdirmek ukybyny peseldýär. Modelirleme, bu täsiriň 2100-nji ýyla çenli atmosferadaky CO2 zyňyndylarynyň, 2021-nji ýylda Ýewropadaky ähli awtoulaglaryň zyňyndylarynyň 10%-i bilen deňeşdirip boljak derejede artjagyny görkezdi.
Bu barlag klimaty modelirlemekde buzluklaryň eremegini göz öňünde tutmagyň möhümdigini görkezýär. Bu bolsa geljekdäki howa şertlerini has takyk çaklamaga we global maýlama garşy has täsirli çäreleri işläp düzmäge mümkinçilik berer.


04.06.2026 17:40
8.5k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......