Bolgariýada kenarýaka kafesinde duran bir stol gadymy rim döwrüne degişli bolup çykdy

  • 19.08.2024 13:37
  • 13k+

Bolgariýanyň kenarýaka zolagynda ýaşy, takmynan, 1700 ýyl töweregi bolan gadymy rim sarkofagy adaty stol hökmünde ulanylypdyr. Bu täsin açyşy Warna şäheriniň golaýynda Gara deňziň kenaryndaky Keramatly Konstantin we Ýelena kenarynda dynç alýan öňki polisiýa işgäri ýüze çykarypdyr. Ol stoluň üstünde üýtgeşik bezegleri görüp, bu barada ýerli häkimiýetlere habar beripdir diýip, Daily Mail habar berýär.

Arheologlar bu ýere gelip, balykgulakdan ýasalan sarkofagyň Gadymy Rim döwrüne degişlidigini tassykladylar. Daş tabydyň gapdallary gülleriň we haýwanlaryň barelýefleri, gülçyralar we paltalar bilen bezelipdir. Sarkofagyň gapagy gelýänler üçin bar stoly bolup hyzmat eden daş plita bilen çalşyrylypdyr.
Aleksandr Minçewiň ýolbaşçylygyndaky arheologiki topar sarkofagyň biziň eýýamymyzyň II asyryna degişlidigini kesgitledi. Artefakt has giňişleýin öwrenmek üçin Warnadaky arheologiýa muzeýine äkidildi.

Bolgariýada arheologiki ähmiýeti bolan islendik zat döwlete degişlidir we muzeýe geçirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, deslapky derňew işleri alnyp barylýar. Polisiýa sarkofagyň 2020-nji ýyldan bäri bu ýerde durandygyny anyklady, ýöne onuň gelip çykyşy näbelliligine galýar, sebäbi bezeliş täri sebitde tapylan beýleki rim artefaktlaryndan tapawutlanýar.


düýn 20:06
2.8k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.6k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....