Türkmenistanyň maýa goýum forumy meýilleşdirilen senesinden öňe süýşürildi

  • 19.08.2024 12:24
  • 5.6k+

«Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň» (TIF — 2024) geçiriljek senesi 2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabryna süýşürildi. Ilkibaşda forum 19-20-nji sentýabra meýilleşdirilýärdi, emma döwlet derejesindäki çäreleriň tertibindäki üýtgeşmeler sebäpli onuň senesi süýşürildi diýip, forumyň guramaçylyk komitetinde habar berdiler.

Aşgabatda geçiriljek forum Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçiriler we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we esasy halkara maliýe institutlarynyň wekilleriniň, şeýle hem energetika, infrastruktura we maliýe ulgamyndaky bilermenleriň arasynda özara gatnaşyklar üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
9-njy sentýabrda foruma gatnaşmaga gelen myhmanlar üçin medeni maksatnama, şol sanda Aşgabada syýahat, Türkmen halysynyň milli muzeýine we "Gadymy Nusaý" taryhy-medeni goraghanasyna baryp görmeklik meýilleşdirilýär.
Forumyň täzelenen maksatnamasyny TIF 2024-iň resmi saýtynda ýerleşdirildi.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......