Ýaralary 30% çalt bejerýän elektrik bint döredildi: bahasy 1 dollar

  • 19.08.2024 10:39
  • 8.1k+

Amerikaly we koreýaly alymlar ýaranyň bejergisini adaty usullardan 30% çaltlaşdyrýan elektrik bint döretdiler. WPED (Water-Powered Electronics-free Dressing) ady bilen tanalýan täze enjam suw bilen işjeňleşdirilýär we 7-9 sagatlap işläp bilýär diýip, New Atlas ýazýar.

Bint bir gezek ulanylýan plastyrlardan, inçe batareýadan we ýaranyň gyralaryna degip durýan iki elektroddan ybaratdyr. Enjam suw bilen işjeňleşdirilende, deri öýjükleriniň göçmegini çaltlaşdyrýan we ýokançlyk howpuny azaldýan magniý anody we kümüş-hlorid katody gowşak elektrik meýdanyny döredýärler.
Gündelik işlere päsgel bermezden, binti aňsatlyk bilen ulanyp bolýar. Onuň bahasy 1 dollar töweregi.
Syçanlaryň üstünde geçirilen laboratoriýa synaglary üstünlik görkezdiler, ýöne bu tehnologiýa kliniki synaglardan hem geçmelidir.


22.06.2026 23:12
4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......