Saud Arabystanly geýmer 444 konsoly bir telewizora birikdirip Ginnesiň kitabyna girdi

  • 17.08.2024 18:34
  • 10k+

Saud Arabystanyndan Ybragim Al-Naser 444 oýun konsolyny bir telewizora birikdirip täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasynda habar berilýär.

Rekord eýesiniň kolleksiýasynda 1979-njy ýylyň Magnavox Odyssey-inden başlap, 2023-nji ýylyň PlayStation 5 Slim-ine çenli ýüzlerçe konsol bar. Olaryň arasynda meşhur Xbox 360 we Nintendo Switch, şeýle hem Super A'Can ýaly seýrek nusgalar hem bar.
Şeýle köp oýun konsollaryny telewiroza birikdirmek üçin Al-Naser köp sanly adapterleri we geçirijileri ulanmaly boldy. Ol Excel-de elektron tablisasyny döretdi we tutuş ulgamy oňa girizdi. Telewizoryň ekranynda gerekli konsolyň görkezilmegi üçin haýsy düwmä basylmalydygyny tablisadan bilip bolýar.


Konsollaryň sany, her gezek täzeden birikdirmek üçin gaty köp bolanda, Al-Nasere rekord goýmak pikiri geldi. Ol enjamlary yzygiderli çalşyp durmagyň ýerine, hemmesini bir ulgama birikdirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna ýüz tutdy.
Netijede, Al-Naser ulgamynyň estetiki görnüşini saklamak bilen ähli simleri diýen ýaly gizläp bildi. Onuň iň halaýan konsoly, ähli döwürleriň iň gowy oýun konsoly bolan Sega Genesis-dir.


düýn 19:49
2.2k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....