Türkmenistanly samboçylar Dünýä kubogynda 7 medal gazandylar: 1 altyn we 2 kümüş

  • 17.08.2024 18:18
  • 8.5k+

15 – 16-njy awgustda Çolpon-Atada (Gyrgyzystanyň Yssyk-köl welaýaty) sambo boýunça Dünýä kubogy geçirildi. Ýaryşyň ikinji gününiň jemi boýunça sport we söweş sambosy boýunça 14 agram derejesinde ýeňijiler we baýrakly orunlaryň eýeleri kesgitlenildi.

Türkmenistanly topar ýaryşyň ikinji gününde bir altyn, iki kümüş we dört bürünç medal gazanyp, ýokary netijeleri görkezdi.
Iň ýokary netijäni Nyýazmyrat Babekow gazandy. Ol sport sambosynda 64 kg çenli agram derejesinde çempion boldy.
Ýaryşyň kümüş medallarynyň eýeleri Zarina Abdyrahmanowa (54 kg) we Ýusup Taňryberdiýew (58 kg) boldy, olar söweş sambosy boýunça ýaryşyň finalynda ýeňildiler.

Sport sambosynda bürünç medallary Babamyrat Baýramow (58 kg), Aziza Nazarowa (50 kg), söweş sambosynda bolsa Maksat Annagylyjow (88 kg) we Gülzada Jorakulyýewa (72 kg) aldy.
Dünýä kubogyna 14 ýurtdan 250-den gowrak türgen gatnaşdy.
Ýatlap geçsek, ýaryşyň birinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndysy dört bürünç medal gazandy.


düýn 14:36
6k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....

31.03.2026 20:07
12k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......

31.03.2026 16:37
2.2k+

«AŞGABAT» topary küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionatynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň sport taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşige......

30.03.2026 13:18
8k+

Ähli zat Bangkokda çözüler: Türkmenistan we Tailand Aziýa Kubogy üçin ýollama ugrunda göreşer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama ýaryşynyň «D» toparçasynyň oýnunda Tailand bilen duşuşmaga taýýarlanýar. Garşydaşlar bu aýgytlaýjy duşuşyga deň netije bilen — bäş......