Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystanyň çäginde gurluşygyna başlamak meselesi maslahatlaşyldy

  • 16.08.2024 15:17
  • 13k+

Kabulda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezowyň gatnaşmagynda TAPI Pipeline Company konsorsiumynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanowyň Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny Owganystanyň çäklerinde dowam etdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ORIENT Owganystanyň DIM-ine salgylanyp habar berýär.

Owgan ministri TOPH gaz geçirijisiniň Owganystandaky gurluşygynyň öz ýurduň esasy wezipeleriniň biridigini belläp, degişli owgan edaralarynyň bu taslama boýunça işlerini tamamlandygyny tassyklady. Muttaki TOPH gaz geçirijisiniň Owganystan böleginiň gurluşygynyň ýakyn wagtda başlamagyna umyt bildirýändigini belledi.
Türkmen tarapy hem öz gezeginde bu taslamanyň gurluşygyna ýakyn wagtda girişmäge taýýardyklaryny belledi.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......