Volkswagen ABŞ-da elektrik awtoulaglaryna berilýän zarýady 85%-e çenli çäklendirer

  • 16.08.2024 12:09
  • 5.9k+

ABŞ-nyň Volkswagen Group kompaniýasy tarapyndan döredilen çalt zarýad beriş stansiýalarynyň ulgamy bolan Electrify America Kaliforniýanyň iň gelim-gidimli on stansiýasynda elektrik ulagynyň zarýadyny 85%-e çenli çäklendirmek synagyny geçirer. Munuň sebäbi terminaly uzak wagtlap saklaýan sürüjilere – “zarýady iýijilere” garşy göreşmek diýip, Carscoops ýazýar.

Kompaniýanyň prezidenti Robert Barrosyň aýtmagyna görä, 80%-e zarýad tiz dolýar, ýöne galan soňky 20%-ini doldurmak ep-esli wagt alýar. Electrify America köp sanly elektrik ulaglarynyň eýeleriniň muny bilmeýändiklerini we doly zarýad bermek üçin ýokary güýçli stansiýalary ulanyp, beýleki sürüjilere zerur bolan terminaly saklaýandyklaryny nygtaýar.
Synag ulag 85% zarýad alandan soň, sürüjiniň terminaly boşatmak üçin 10 minut wagtynyň boljakdygyny göz öňünde tutýar. Ondan soň her minut üçin sürüjiden 40 sent alnar.

Electrify America-nyň belleýşi ýaly, stansiýalarda aşa köp elektrik ulaglarynyň bolmagy Hyundai we Mersedes-Benz ýaly köp awtoulag öndürijileriniň müşderilerine mugt zarýad bermegi bilen baglanyşykly bolup biler.
Volkswagen dizel dawasyna (“Dizelgate”) çözgüt hökmünde 2016-njy ýylyň ahyrynda Electrify America-ny esaslandyrdy. Ilkibaşda oňa 2 milliard dollar maýa goýuldy. Bu ulgam 47 ştatda 890-dan gowrak stansiýalaryň 350 kW kuwwatlylygy bolan terminallaryny öz içine alýar.


05.06.2026 15:49
4.4k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.7k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......