250 müň müşderi Volkswagene garşy toparlaýyn arza berdi

  • 17.04.2020 23:20
  • 5.2k+

250 müň müşderi Volkswagen awtokonsernine garşy taryhda iň uly toplumlaýyn arzany berdiler, bu barada Handelsblatt portalyna salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berýär.
Bu arza kompaniýanyň 2015-nji ýylda ýüze çykarylan we “dizelgeýt” adyny alan zyýanly maddalaryň taşlanylyş derejesiniň görkezijisini galplaşdyrmakçy bolandygy bilen bagly. Deslapky hasaplamalar boýunça tölegiň bahasy 800 million ýewrodan geçip biler.
Sanawda öz awtomobillerini garaşýan bahalaryna satyp bilmedik 250-den 262 müňe çenli müşderi hasaba alynýar. Şu möwç alan dawa sebäpli ikinji derejeli bazarlarda awtomobiller birbada arzanlady.
Awtokonserniň we sarp edijileriň federal birleşmesiniň wekilleriniň ylalaşygy boýunça, arza bermäge gatnaşanlar bellige alynma işini 20-nji aprele çenli tamamlamaly, şonda “aldanylan” müşderileriň jemi möçberi belli bolar.
Habar berlişine görä, Volkswagen awtomobiliň ilkibaşdaky bahasyndan 15%-i gaýtaryp berer, takmyn baha ulagyň klasyna we onuň çykan ýylyna baglylykda adam başyna 1350-den 6257 ýewro çenli barabar bolar. Ähli tölegler zyýan çekenlere özbaşdak habar ýollaýan ýörite elektron platformasynyň kömegi bilen amala aşyrylar. Tölegiň möçberine razy bolmadyklar hususy talap arzasyny berip bilerler, onuň çözgüdi indiwidual tertipde 2020-nji ýylyň oktýabryna çenli kabul ediler. Tölegiň umumy bahasy, öndürijileriň hasaplamasy boýunça, 830 million ýewro ýeter.
Federal kazyýetde ilkinji diňleýiş işi 5-nji maýda geçirilmeli. Kompaniýa şu senä çenli parahatçylyk ýoly bilen ylalaşyga gelmek isleýär.
Ýatladyp geçsek, 17-nji martda analitikler dawanyň esasynda awtokonserniň ýitgileriniň göwrümini 35 milliard ýewro bilen bahalandyrdylar, bu bolsa Volkswagen-iň kapitalyna 48,5 milliard ýewro deňdir. Kompaniýanyň alty sany top-menejeri üçin bu dawa tussag bilen tamamlandy.

şu gün 12:31
1k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

şu gün 09:36
1.9k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

düýn 08:19
2.2k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

düýn 01:38
6.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......