Hindistanda gadymy suw geçirijisi tapyldy: ol 2600 ýyl ozal ulanylypdyr

  • 17.08.2024 18:23
  • 14k+

Hindistanyň Tamilnad ştatynyň Kiladi diýen ýerinde arheologlar 2600 ýyl mundan ozal ulanylan terrakotadan ýasalan suw geçirijisini tapdylar. Bu açyş gazuw-agtaryş işleriniň onunjy tapgyrynda ýüze çykarylyp, b. e. öň VI asyrda ösen suw dolandyryş ulgamynyň bolandygyny tassyklaýar diýip, Arkeonews ýazýar.

Suw geçirijisi, uzynlygy takmynan 36 sm we diametri 18 sm bolan alty silindr segmentlerinden ybaratdyr. Segmentler biri-birine berk birikdirilip, uzynlygy 174 sm bolan umumy turbany emele getirýärler.
Bu ulgam suwy hapalanmakdan goramak we suw üpjünçiligi üçin ulanylypdyr diýlip çak edilýär.
Suw geçirijisinden başga-da, Kiladiniň gadymy ýaşaýjylarynyň ussatlygynyň ýokary derejesini görkezýän ýapyk kanal, açyk aryk we birnäçe suw rezerwuarlary tapyldy. Bu tapyndylar öz döwründen has öňe giden ösen suw üpjünçilik ulgamynyň bolandygyny görkezýär.
Kiladide tapylan beýleki tapyndylaryň seljermesi, tamil jemgyýetiniň eýýäm b. e. öň VII-nji asyrda ösen senagat medeniýetine eýe bolandygyny görkezdi. Suw geçirijisiniň tapylmagy, bu gadymy jemgyýetiň ösüş hronologiýasyna we inženerçilik ussatlygyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....