Toyota sertifikatlaşdyryş bilen bagly dawadan soň täze, has berk düzgünleri girizýär

  • 14.08.2024 18:05
  • 11k+

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň sertifikatlaşdyryş prosesindäki näsazlyklar esasynda dörän dawa jogap hökmünde täze düzgünleriň girizilendigini habar berdi. Kompaniýa heläkçilik synaglarynyň sertifikatlaşdyrylyşyna ýolbaşçylaryň ýeterlik derejede gatnaşmandygyny we prosesde kemçilikleriň ýüze çykandygyny boýun aldy diýip, Motor1 habar berýär.

Täze meýilnama laýyklykda, Toyota-nyň baş tehniki işgäriniň we önümleriň hili boýunça baş müdiriniň ygtyýarlyklary artdyrylar.
Şeýle hem kompaniýa düzgünleriň berjaý edilişine gözegçilik etjek we baş howpsuzlyk gullugyna hasabat berjek kanuny gözegçi wezipesini girizýär. Kompaniýa maglumat dolandyryş ulgamyny gözden geçirmegi we has anyk kadalary girizmegi meýilleşdirýär.
Bu dawa sebäpli ýylyň başynda Toyota Yaris Cross, Corolla Axio we Corolla Fielder modelleriniň önümçiligi togtadyldy. Olaryň önümçiligini sentýabr aýynda gaýtadan başlamak meýilleşdirilýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......