14-nji awgustda Mars bilen Ýupiter biri-birine golaý geler: ony adaty göz bilen synlap bolar

  • 13.08.2024 17:08
  • 24k+

14-nji awgustda Aşgabat wagty bilen sagat 19:45-de seýrek astronomiki hadysa bolar. Mars we Ýupiter has ýakynlaşyp, biri-birinden 18,4 burç minudy aralygynda bolarlar.

575 million km uzaklykda boljak planetalar adamlar üçin biri-birine has ýakyn ýerleşýän ýaly bolup görnerler.
Soňky 1000 ýylda iň uly ýakynlaşma 1761-nji ýylda bolupdy. Adaty göz bilen seredeniňde şol ýakynlaşmada Mars we Ýupiter bir ýagty obýekt hökmünde görnüpdir. Indiki gezek bu ýakynlaşma 2348-nji ýylda bolar.
Bu hadysa Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň köp böleklerinde açyk asmanda adaty göz bilen görner. Moskwa planetariýasynyň wekilleriniň belläp geçmegine görä, awgust aýynda planetalar Sowur ýyldyzlar toparynda ýerleşýärler, olara ýarym gijeden tä daň atýança gündogar gorizontdan aşakda syn edip bolýar.

"Iki planetanyň ýagtylygyny we olaryň arasyndaky aralygy göz öňünde tutsak, bu ýakynlaşmany ýylyň iň gowusy diýip, hasaplap bolar"-diýip, TASS astronomlaryň sözlerini ýazýar.


11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...