Xiaomi 7500 mAh sygymly we 100 Wt zarýadly batareýalary taýýarlaýar

  • 13.08.2024 11:24
  • 2.8k+

Xiaomi geljekki smartfonlarynyň batareýasynyň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň üstünde işleýär. Insaýderler kompaniýanyň 7000 mAh we 7500 mAh batareýaly modelleri taýýarlaýandygyny habar berdiler. Şol bir wagtyň özünde, Xiaomi bu batareýalar üçin 100W we 120W kuwwatly çalt zarýad bermegi meýilleşdirýär diýip, Overclockers habar berýär.

Xiaomi-den başga-da, OnePlus we Oppo ýaly beýleki öndürijiler hem batareýanyň energiýa dykyzlygyny ýokarlandyrmagyň tehnologiýalaryny synagdan geçirýärler. Ýakyn wagtda sygymy 6500 mAh-dan ýokary bolan batareýaly smartfonlaryň bazara çykmagyna garaşylýar.
Xiaomi eýýäm flagman modellerinde çalt zarýad bermegi girizýär, mysal üçin, ýaňy-ýakynda çykan Redmi K70 Extreme Edition-e, Redmi Note 13 Pro +-a we Redmi K70 Ultra-a sygymy 5500 mAh batareýa bilen 120W çalt zarýad berilýär. Bu çalt zarýad beriş tehnologiýasy batareýany bary-ýogy 24 minutda noldan 100 göterime çenli doldurar diýip nygtalýar.
Ýokary kuwwatly enjamlara çalt zarýad bermek ukyby bäsdeşlikde artykmaçlyga öwrüler.


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...