“Ot we kül”: “Awataryň” üçünji bölümi resmi adyny aldy

  • 12.08.2024 11:50
  • 4.2k+

Režissýor Jeýms Kemeron Anahaýmdaky D23 konwentinde çykyş edip, “Awataryň” üçünji bölüminiň resmi adynyň “Ot we kül” (Fire & Ash) boljakdygyny habar berdi.

Kemeron tomaşaçylara Pandora dünýäsini täze tarapdan açyp görkezjekdigini we trikweliň has “emosional” boljakdygyny aýtdy. Filmde keşpleri Sem Uortington, Zoi Saldana, Una Çaplin, Dewid Týulis we “Oskaryň” eýesi Mişel Ýeo ýerine ýetirer.
“Awatar” ekrana ilkinji gezek 2009-njy ýyla çykdy we 2,923 mlrd dollar bilen taryhda iň girdejili film boldy. “Suwuň ýoly” bölümi 2022-nji ýylda çykdy we 2,3 mlrd dollar gazandy. “Ot we kül” 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda prokata çykar. Franşizanyň dördünji we bäşinji bölümleri-de meýilleşdirilýär.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....