Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentine uçar heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

  • 12.08.2024 07:53
  • 25k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa ýurduň San-Paulu ştatynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.
9-njy awgustda gündiz Braziliýanyň Winýedo (San-Paulu ştaty) munisipalitetinde ATR-72 uçary heläkçilige uçrady. Uçarda 57 sany ýolagçy we 4 sany uçaryň ekipažy bardy. Uçardakylaryň hemmesi aradan çykdy.


25.02.2026 16:04
12k+

Güýçli ýagyş sebäpli Braziliýanyň Uba şäherini sil aldy, köçelerden ulaglar akyp gitdi

Geçen dynç güni Braziliýada güýçli tupanly ýagyşlar ýagdy. Bu zerarly häzirki wagtda iň agyr ýagdaý Minas-Žeraýs ştatynyň Uba we Žuis-di-Fora şäherlerinde hasaba alyndy. Dowamly ýagyn sebäpli golaýdaky suw howdanlary kenaryndan aşyp, köçeleri sil aldy...

05.01.2026 11:44
8.9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...

17.12.2025 09:17
12k+

Braziliýada tupan wagty Azatlyk heýkeliniň birnäçe metrlik nusgasy ýykyldy

Braziliýanyň Guaýba şäherinde (Riu-Grandi-du-Sul ştaty) Havan uniwermagynyň öňünde oturdylan Azatlyk heýkeliniň 35 metrlik nusgasy ýykyldy. Waka 15-nji dekabrda güýçli tupan wagty bolup geçdi. G1 neşiriniň şäher häkimi Marselo Maranata salgylanyp habar bermegine görä, ýadygärligiň 24 metrlik ýokarky bölegi ýumruldy...

03.12.2025 10:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...