Güýçli ýagyş sebäpli Braziliýanyň Uba şäherini sil aldy, köçelerden ulaglar akyp gitdi

  • 25.02.2026 16:04
  • 12k+

Geçen dynç güni Braziliýada güýçli tupanly ýagyşlar ýagdy. Bu zerarly häzirki wagtda iň agyr ýagdaý Minas-Žeraýs ştatynyň Uba we Žuis-di-Fora şäherlerinde hasaba alyndy. Dowamly ýagyn sebäpli golaýdaky suw howdanlary kenaryndan aşyp, köçeleri sil aldy.

Güýçli suw akymlary ýol gyrasynda goýlan ulaglary, ýol germewlerini we ýeňil gurluşlary süýşürip alyp gitdi.
Internetde paýlaşylan wideoşekillerden awtomobilleriň suwuň basyşy bilen köçeleriň ugry bilen akyp gidişini görüp bolýar. Tebigy harasat has uly ulaglara-da täsirini ýetiripdir, güýçli akym uly ýük ulagyny agdardy.
Suw joşgunlary süýşgünler, giň gerimli weýrançylyklar we durmuş üçin möhüm hyzmatlaryň bökdençli işlemegine alyp bardy. Tebigy betbagtçylyk azyndan 30 adamyň heläk bolmagyna getirdi, ýene 39 adam bolsa dereksiz ýitenler hökmünde hasaba alyndy. Bu barada 24-nji fewralda CNN Brasil teleýaýlymy ştatyň Harby ýangyn söndüriş gullugyna salgylanyp habar berdi.
«Ir säherde suw joşguny netijesinde emele gelen weýrançylyklaryň astyndan 13 adam halas edildi. Halas edijileriň maglumatyna görä, halas edilenleriň sany jemi 208 adama ýetdi» diýlip, habarda bellenilýär.


düýn 20:17
4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......