Hytaýyň Chery awtokonserni ilkinji gezek dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň reýtingine girdi

  • 12.08.2024 00:52
  • 3.4k+

Hytaýyň Chery Group awtokonserni öz taryhynda ilkinji gezek iň uly global kompaniýalaryň iň abraýly reýtingleriniň biri bolan Fortune Global 500 reýtingine goşuldy. Bu barada Autonews portaly habar berýär.

Kompaniýa 39,1 mlrd dollar girdeji bilen reýtingde 385-nji orny eýeledi.
2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemi boýunça, Chery Group-yň satuwy 1,1 milliondan gowrak awtomobile barabar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 48,4% köpdür.
Konsern garaşsyz hytaý awtomobil brendlerini hödürleýär we 80-den gowrak ýurtda 14,2 mln ulanyja hyzmat edýär.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....