Türkmenistan bilen Gazagystanyň özara söwdasy 5 ýylda 4 esse artdy

  • 12.08.2024 00:30
  • 1.7k+

Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitiniň çäklerinde wise-premýerleriň, ministrleriň we beýleki ýolbaşçylaryň derejesinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Atdaýew we Baýmyrat Annamämmedow Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriniň ilkinji orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşyk geçirdiler.
Duşuşygyň çäginde Gazagystan we Türkmenistan barada döwrebap ykdysady maglumatlaryň alyş-çalyşy bolup geçdi, bilelikdäki taslamalaryň we söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri hem-de energetika pudagy boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.
5 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky özara söwdanyň mukdary 4 esse artdyrylyp, soňky ýylyň dowamynda 28% ýokarlandy. 2024-nji ýylyň 6 aýynyň dowamynda haryt dolanyşygy 237,2 mln $ barabar boldy.
Taraplar kabul edilen çözgütler gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüşine goşmaça itergi berer diýip ynam bilen bellediler.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:42
1.1k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......