“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahatynyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi

  • 12.08.2024 00:25
  • 1.1k+

Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminama gol çekildi we kabul edildi.

Şolaryň hatarynda: 

  • GTG-2-niň taslamasy boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň we «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret» kompaniýasynyň (Türkiýe) arasynda “Ýol kartasy” (iş meýilnamasy);
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gazturbina desgalarynda orta abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek barada Çarçuwaly ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda akademik alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň (JETRO) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy döretmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hakynda maglumat býulleteni;
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Nippon” eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň, «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen «Masui Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Esasy resminamalaryň hatarynda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň işewürlik maslahatynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama bar.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......