Ispaniýa futbol ýaryşynda Fransiýany utup, Olimpiadanyň altyn medalyny aldy

  • 10.08.2024 10:47
  • 7.2k+

Ispaniýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Aýgytly oýunda ispaniýalylar Fransiýa toparyny 5:3 hasabynda utdular.

11-nji minutda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Enso Miýo hasaby açdy. Ýedi minutdan soň ispaniýalylaryň ýarym goragçysy Fermin Lopes Martin hasaby deňledi. Ýene ýedi minutdan soň ol öz hasabyna ikinji goluny ýazdy. 28-nji minutda Ispaniýa toparynyň ýarym goragçysy Aleks Baena jerimeden takyk urgusy bilen toparyň artykmaçlygyny üç gola çenli artdyrdy. Oýnuň birinji ýarymy 3:1 hasaby bilen tamamlandy.
Oýnuň ikinji ýarymynda ýarym goragçy Magnes Akliuşe tapawudy azaltdy, 90+3-nji minutda bolsa fransiýalylaryň hüjümçisi Žan-Filipp Mateta penaltiden hasaby deňledi – 3:3.
Goşmaça wagtda, 100-nji minutda Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Serhio Kamelo gol geçirdi. 120-nji minutda ol ikinji goluny hem geçirip, oýnuň gutarnykly hasabyny kesgitledi – 5:3.
Ispaniýa ikinji gezek Olimpiadanyň çempiony boldy, mundan öň ol 1992-nji ýylda Barselonada geçirilen Oýunlarda ýeňiş gazanypdy.
Erkekleriň arasynda geçenki iki Olimpiýa futbol ýaryşynda Braziliýa ýeňiş gazandy.
Ýatlap geçsek, bir gün öň Oýunlaryň bürünç medalyny Marokko aldy, ol üçünji ýer ugrundaky oýunda Müsüri 6:0 hasabynda utdy.


şu gün 10:20
330

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

düýn 14:15
11k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
13k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......