Olimpiýa oýunlary-2024: futbolda soňky 96 ýylda iň uly ýeňliş we basketbolda ýarym finallaryň netijeleri

  • 09.08.2024 14:49
  • 8.2k+

8-nji awgustda, Pariždäki Olimpiadanyň 13-nji gününde sportuň 14 görnüşinde 28 medal toplumy paýlandy. Ýaryşlaryň jemi boýunça ABŞ 103 medal bilen (30 altyn, 38 kümüş we 35 bürünç medal) öňde barýar. Hytaýyň hasabynda 73 medal bar: 29 altyn, 25 kümüş we 19 bürünç medal. Üçlügi Awstraliýa jemleýär (45 medal: 18-14-13).

Esasy wakalar:
Futbol: Bürünç medal ugrundaky oýunda Marokkonyň milli ýygyndysy Müsüri 6:0 hasabynda utdy. Bu 1928-nji ýyldan, müsürliler italiýalylardan 3:11 hasabynda utulany bäri Olimpiadalarda erkekleriň arasynda medal üçin oýunlarda iň uly hasap boldy.

Basketbol: Ýarym finalda Fransiýanyň erkekler ýygyndysy Germaniýa toparyny 73:69 hasabynda utdy. Beýleki bir ýarym finalda ABŞ topary Serbiýanyň milli ýygyndysyndan 95:91 hasabynda üstün çykdy.

Woleýbol: ABŞ-nyň woleýbol boýunça zenanlar ýygyndysy braziliýalylary utup, yzygider ikinji gezek finala çykdylar. Finalda amerikalylar ýarym finalda Türkiýeden üstün çykan Italiýa topary bilen duşuşarlar.

Gaýa çykmak: Amerikaly Sem Uotson 4,74 sekunt netijäni görkezip, tizlik boýunça özüne degişli dünýä rekordyny täzeledi, ýöne ahyrynda bürünç medal gazandy. Altyn medaly finalda hytaýly U Penden (4,77) öňe geçen indoneziýaly Weddrik Leonardo aldy (4,75).

Ylgaw: 21 ýaşly sprint türgeni Letsil Tebogo 200 metre ylgamakda ýeňiji bolup, Botswana Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji altyn medaly getirdi. Şeýle-de, ol bu distansiýada titula eýe bolan ilkinji afrikaly boldy.

Ylgaw: Ýamaýkanyň erkekler ýygyndysy 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 4x100 metr estafetada finala saýlanyp bilmedi.

Suwda ýüzmek: Açyk suwda Olimpiada-2016-nyň çempiony niderlandly Şaron wan Rauwendal 10 km marafon ýaryşynda altyn medal gazanyp, bu distansiýada ilkinji iki gezek Olimpiýa çempiony boldy.

Boks: Özbegistanly boksçy Hasanboý Dusmatow 51 kg çenli agram derejesinde karýerasynda ikinji Olimpiýa altyn medalyny gazandy, ol finalda fransiýaly Biýal Bennamy ýeňdi.

Taekwondo: Özbegistanly Ulugbek Raşitow 68 kg çenli derejede Olimpiadanyň iki gezek çempiony boldy. Bu 22 ýaşly türgeniň yzygider ikinji Olimpiýa altynydyr. Finalda ol Iordaniýadan Zaid Abdul Karimden üstün çykdy.

Naýza zyňmak: Pakistanly ýeňil atletikaçy Arşad Nadim täze Olimpiýa rekordy bilen altyn medal gazandy – 92,97 metr.

Ýadro iteklemek: Amerikaly Reýwen Sanders kwalifikasiýa özboluşly obrazda çykdy: gara maska, altyn linzaly äýnek, dişlerinde altyn bezeg, benewşe-ýaşyl saç we amerikan baýdagynyň reňkinde hem HULK harplary bilen manikýur. Sanders final üçin has gowy kostýumynyň bardygyny aýtdy.


21.02.2026 10:38
1.6k+

Norwegiýa gyşky Olimpiadada altyn medal boýunça öz rekordyny täzeledi

Norwegiýanyň ýygyndy topary bir gyşky Olimpiadada gazanylan altyn medallaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Milan we Kortina şäherlerinde geçirilýän Gyşky oýunlarda bu ýurduň türgenleri iň ýokary derejeli baýraklaryň 17-sini eýelediler...

17.02.2026 20:42
7.4k+

Bobsleýçi zenan ýeňşi bilen däl, ýaşy bilen rekord goýdy

ABŞ-ly bobsleýçi Elana Maýers-Teýlor Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda monobob ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol dört tapgyryň netijesi boýunça, aýgytly pursatda öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi...

17.02.2026 14:01
3.4k+

Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek eneli ogul bilelikde çykyş etdiler

Italiýada geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynda sport taryhynda ilkinji gezek ene we ogul şol bir wagtda bäsleşiklere gatnaşdy. Meksikaly dag lyžaçysy Lasse Gaksiola Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň Gyşky oýunlarynda ilkinji gezek çykyş etdi...

16.02.2026 08:44
1.8k+

Norwegiýaly Ýohannes Klebo gyşky Olimpiadada 9 altyn medal gazanan ilkinji türgen boldy

Norwegiýaly lyžaçy Ýohannes Klebo gazanan altyn medallaryň sany boýunça gyşky Olimpiýa oýunlarynyň rekordyny goýdy. Ýekşenbe güni ol Norwegiýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde estafetada ýeňiji boldy. 29 ýaşyndaky türgen üçin bu Italiýada geçirilýän häzirki Oýunlardaky dördünji altyn medaldyr...