Tesla Berlinde ilkinji Giga Train elektrik otlusyny işe girizdi

  • 10.08.2024 10:37
  • 4.3k+

Teslanyň Berlindäki Gigafactory zawody şu hepde sebitde ilkinji doly elektrikli Giga Train ýolagçy otlusyny ulanyşa girizdi. Täze ulag her gün zawodyň 4500 işgärini mugt daşar diýip, ITHome habar berýär.

Otly gigafabrika bilen Erkner bekediniň arasynda hereket edýär. Ol Berlinde we Brandenburgda ilkinji batareýaly elektrik otlusy boldy. Ulaga 500 ýolagçy ýerleşýär, her wagon 120 adama niýetlenendir.
Otlynyň işe girizilmegi birnäçe aý gijikdirildi, ilkibaşda ony aprel aýynda işe girizmek meýilleşdirilipdi.
Otlularyň ulanylyşyna jogap berýän Niederbanimer Railways kompaniýasy öz parkyny täzelemek baradaky meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýanyň dolandyryjy müdiri Sebastýan Ahtman ýylyň ahyryna çenli bar bolan dizel otlularynyň ornuna 31 sany akkumulýator batareýaly elektrik otlynyň we 7 sany wodorod otlusynyň işe giriziljekdigini habar berdi.


08.06.2026 08:03
5k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......