Realme iň kuwwatly zarýad berijini çykarmaga taýýarlaýar: 5 minutda 0-dan 100%-e çenli

  • 09.08.2024 16:08
  • 4.8k+

Realme Hytaýda brendiň 6 ýyllygyna bagyşlanan çäräni anons etdi. Onda smartfonlar üçin täze iň kuwwatly zarýad beriş tehnologiýasy hödürlener diýip, Hi-Tech Mail habar berýär.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, zarýad beriji gurluş 300 Wt-den gowrak kuwwata eýe bolup, smartfona 0-dan 50%-e çenli bary-ýogy 3 minutda zarýad bermäge mümkinçilik berer, 0-dan 100%-e çenli zarýad beriş bolsa 5 minutdan az wagt alar.
Häzirki wagtda rekord geçen ýyl realme GT5 bilen bilelikde 240 Wt kuwwatly zarýad berijini çykaran Realme-niň özüne degişlidir. Ahyrky synag tapgyrynda bolan täze işläp taýýarlama pudakda iň çalt çözgüt bolmaga wada berýär.
Täze zarýad berijini aljak ilkinji gurluşlar Snapdragon 8 Gen 4 prosessory bilen üpjün edilen realme GT 7 Pro smartfonlary bolar. Täze zarýad beriş tehnologiýasyndan başga-da, kompaniýa kuwwatlylyk, batareýa, zarýad blogunyň ölçegi we energiýa öwrülişiginiň netijeliligi bilen baglanyşykly üç innowasiýa hödürlär.

“Mundan başga-da, realme-niň smartfonlary ulanmak tejribesini täzeden kesgitlejek AI, öndürijilik we şekilleri gaýtadan işlemek ugrunda käbir öňdebaryjy işläp taýýarlamalary hödürlener” diýlip, kompaniýanyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

düýn 23:54
834

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
906

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
677

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....