BSGG pandemiýa sebäp bolup biljek patogenleriň täzelenen sanawyny neşir etdi

  • 09.08.2024 11:33
  • 4.9k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) epidemiýa ýa-da pandemiýa sebäp bolup biljek patogenleriň täzelenen sanawyny hödürledi.

Sanawda denge wirusy, maýmyn mamasy we A gripiniň wirusynyň dürli serotipleri ýaly, 30-dan gowrak patogen bar. Bu resminama ünsi ýokarlandyrmak we alymlaryň tagallalaryny keselleriň giň ýaýramagynyň öňüni almaga jemlemek üçin döredildi.
BSGG 50 ýurtdan 200-den gowrak alymyň gatnaşmagynda geçirilen barlagyň  netijesinde ilatyň saglygyna howp döredip biljek ilkinji nobatda üns berilmeli  patogenleriň sanawyny düzdi. Sanawa girizilen wiruslar we bakteriýalar ýokary wirulentliligi (mikroorganizmiň kesel döredip bilmek ukyby), ýokançlylygy (keseli bir organizmden beýlekisine ýokaşdyrmak ähtimallygy) we olara garşy goragyň derejesiniň ýeterlik däldigi bilen häsiýetlenýär.
Waksinalary ýok patogenlere aýratyn üns berilýär. Olaryň arasynda mergi, gyrgyn keselini döredijiler we çybynlar arkaly ýokuşýan wiruslar bar. Sanawda soňky ýyllar ýaýramasy bellige alnan denge gyzzyrmasyny we maýmyn mamasyny oýaryjy wiruslar hem bar, olaryň soňky ýyllarda ýaýraýandygy bellige alyndy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy sanawyň neşir edilmegi bolup biläýjek  howplara garşy göreşmekde we global kynçylyklara taýynlygy ýokarlandyrmakda kömek eder diýip umyt edýär.


düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......