Hytaý öz aragatnaşyk hemra ulgamyny gurup başlady

  • 09.08.2024 11:00
  • 3k+

Hytaý Amerikanyň Starlink-ine meňzeş pes orbitaly aragatnaşyk hemralarynyň ulgamyny gurup başlady. Shanghai Spacecom Satellite Technology tarapyndan dolandyrylýan 15 000 enjamdan ybarat emeli hemralaryň ilkinji topary eýýäm uçuryldy.

Ilkinji uçuş Taýuan şäherindäki ýörite meýdançada amala aşyryldy diýip, China Securities Journal-da habar berilýär. Bu maksatnama geçen ýyl başlandy we Ýerden 300-2000 km belentlikde uçýan hemralary orbita çykarmagy meýilleşdirýär. Bu pes orbitaly hemralar ýokary tizlikde maglumatlary geçirmekde has netijeli we arzandyr.
Amerikan kompaniýasyna degişli bolan Starlink-iň müňlerçe emeli hemrasy bardyr we olaryň sany gün-günden artýar. Hytaýly alymlar, Starlink-iň harby maksatlar üçin ulanylyp bilmek ähtimallygy sebäpli alada galýarlar we muny milli howpsuzlyga howp hökmünde görýärler. SSST maksatnamasy ABŞ bilen tehnologiýa boşlugyny azaltmagy maksat edinýär.
Hytaý şu ýyl 108, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa, ýene 648 hemrany uçurmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýyla çenli bu ulgam tutuş planetany gurşap almalydyr. Onýyllygyň ahyryna çenli Hytaý hemralarynyň umumy sany 15 000-e ýeter diýip, Reuters ýazýar.


28.05.2026 17:08
5.9k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....

15.05.2026 11:06
1.9k+

Hytaý kosmosda emeli adam embrionlary bilen synag geçirýär

Hytaý orbital mikrograwitasiýada adamyň emeli embrionpisint gurluşlarynyň ösüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji synagyna başlady diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň amaly kosmos ylymlary we inženerçilik......