Serbiýada Jokowiçiň muzeýi gurlar

  • 09.08.2024 10:04
  • 5k+

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç ýakyn wagtda ýurtda tennisçi Nowak Jokowiçiň muzeýiniň gurluşygynyň başlanjakdygyny mälim etdi. Bu barada ýerli N1 teleýaýlymy habar berýär.

Wuçiçiň aýtmagyna görä, deslapky maslahatlaşmalar eýýäm geçirildi we muzeý ýene bir milli ajaýyplyga öwrüler.

“Palma-de-Maýorka şäherinde tennisçi Rafael Nadala bagyşlanan muzeý bar. Biz Jokowiçiň ýurdumyzyň taryhyna goşan goşandyny mynasyp görkezmäge we jahankeşdeleri çekmäge synanyşarys. Nowak sportuň bu görnüşinde Nadaldan gowy. Ol diňe bir şu ýerde däl, eýsem, aýdaly, Hytaýda-da örän meşhur. Mysal üçin, eger siz Jokowiçiň raketkasyny hytaýly bir döwlet işgärine sowgat berseňiz, ol ony kabul edip bilmez, sebäbi bu diýseň gymmatly we ähmiýetli sowgat hasaplanar” – diýip, Wuçiç aýtdy.

Ýatlap geçsek, ýekşenbe güni Jokowiç Pariždäki Olimpiýa ýaryşynyň finalynda ispaniýaly Karlos Alkarasdan üstün çykyp, ilkinji gezek Oýunlaryň altyn medalyny gazandy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......