Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary üçin ulaglaryň tehniki barlagyny geçirmegiň düzgünleri täzelendi

  • 08.08.2024 16:10
  • 19k+

Türkmenistanyň içeri işler ministrligi Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary üçin Ulag serişdeleriniň hökmany döwlet tehniki barlagyny geçirmegiň Tertibine we Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine goşmaçalary girizdi. Bu barada degişli Buýruga içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda gol çekdi.

Kanunçylyk resminamasy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 3-nji awgustynda döwlet belligine alyndy.
Täze düzgünlere laýyklykda,

  • Arkadag şäherinde hasaba alnan ulag serişdeleri Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Gökdepe etrabynyň Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş toparynyň binasynda Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýan toparynyň işgärleri tarapyndan tehniki barlagdan geçirilýär;
  • Arkadag şäherinde ýazga alnan ýa-da bolýan ýeri boýunça bellige alnan adamlary synagdan geçirmek Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň Bеlligе аlyş we synаg birligi tаrаpyndаn amala aşyrylýar.

 


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....