Samsung täze, juda inçe ýat çiplerini öndürip başlady

  • 08.08.2024 14:31
  • 3.2k+

Samsung kompaniýasy inçe, LPDDR5X ýat çiplerini öndürip başlandygyny mälim etdi. Çipleriň galyňlygy bary-ýogy 0,65 mm, bu bolsa adam dyrnagynyň galyňlygy bilen deňdir.

Täze çip 12 GB we 16 GB görnüşlerinde elýeterlidir.
Çipiň içinde dört gatly 12 nm klasynyň moduly bar. Samsung, bu çipleriň dünýädäki şeýle kuwwatlylygy bolan iň inçe çiplerdigini aýdýar. Kompaniýanyň inženerleri bu inçeligi PCB tehnologiýasy we epoksid şepbigi arkaly gazandylar. Mundan başga-da, täze tehnologiýa ýadyň ýylylyk garşylygyny 21,2% ýokarlandyrdy.
Kompaniýada aýdylmagyna görä, şeýle çiplere prosessor we enjam öndürijiler tarapyndan isleg bildiriler. Çip smartfonlaryň we beýleki enjamlaryň içinde goşmaça ýerleri boşatmaga kömek edip, howa çalşygyny gowulandyrar we temperaturany peselder. Bu bolsa has meşhur bolan neýroulgamlary ýaly ýokary öndürijilikli programmalar üçin has möhümdir.
Samsung geljekde has kuwwatly modullary çykarmagy meýilleşdirýär: alty gatly 24 GB we sekiz gatly 32 GB.


25.06.2026 11:01
3.8k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

15.06.2026 07:51
2.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

23.05.2026 10:37
4.5k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.6k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......