Türkmen mekdep okuwçylary Açyk halkara astronomiýa olimpiadasyna gatnaşyp bilerler

  • 07.08.2024 19:03
  • 3k+

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 15-22-nji sentýabr aralygynda RF-niň «Sirius» federal çäklerinde açyk halkara astronomiýa olimpiadasynyň (OWAO-2024) geçiriljekdigi barada yglan etdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. 

Olimpiada gatnaşmaga ähli ýurtlaryň wekilleri 4-6 adamdan ybarat toparlarda dürli ýaşdaky (18 ýaşa çenli) mekdep okuwçylar çagyrylýar. Her ýurda diňe bir topar wekilçilik edip biler, toparyň ýany bilen iki ýolbaşçy we iki synçy gatnaşyp biler.
Olimpiada dört tapgyrdan – nazary, amaly, syn ediş hem-de blis-tapgyrdan ybarat bolar.
Olimpiada gatnaşyjylara gyzykly ýumuşlar taýýarlanyldy, şol ýumuşlary taýýarlamagyň üstünde dürli ýurtlaryň wekillerinden ybarat bolan Akademiki topar işledi. Ýumuşlar iňlis dilinde berler. Şundan ugur alnyp, toparlaryň ýolbaşçylaryna terjime üçin adalgalaryň sözlügi öňünden berilýär. Ýumuşlar işlenilen wagtynda, çärä gatnaşyjylaryň ählisi adalgalaryň iňlis dilinden degişli milli diller boýunça sözlüklere eýe bolarlar, şol sözlüklerden olimpiadanyň hemme tapgyrlarynda peýdalanyp bolar. Sözlükleriň göwrümi ýumuşlary ýerine ýetirmek hem-de çözgütleri beýan etmek üçin olimpiada gatnaşyjylara zerur bolan sözleriň we adalgalaryň 100–300-sinden ybaratdyr.
«Siriusyň» myhmanlary üçin giň medeni maksatnama taýýarlanyldy, ol umumy okuwlary, ussatlyk-sapaklaryny we gezelençleri öz içine alýar.
Toparlara gatnaşyjylaryň we olaryň ýolbaşçylarynyň ýaşamagyny we iýmitlenmegini kabul ediji tarap – «Sirius» federal çägi üpjün edýär. Synçylaryň gatnaşmagy guramaçylyk tölegleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
OWAO-2024-e gatnaşmak isleýänler olimpiadanyň resmi saýtynda 10-njy awgusta çenli bellige alynmalydyrlar. Şeýle hem saýtda olimpiadanyň geçirilişine degişli giňişleýin maglumat ýerleşdirilendir.
OWAO – astronomiýanyň iň gowy däplerini ýygnan hem-de dünýäniň ähli künjeginden ajaýyp ders sapaklarynyň hünärmenlerini bir ýere jemlän ýaş olimpiada.
Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde «Sirius» federal çäkleri hem-de «Zehin we üstünlik» diýen gazna olimpiadanyň guramaçylary bolup çykyş edýärler.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......