Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi

  • 07.08.2024 13:35
  • 8.5k+

6-njy awgustda Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýewiň başlyklyk etmegine geçirildi diýip, Orda.kz habar berýär.

Duşuşyga Gyrgyzystan, Tajigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň energetika ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistana  Gazagystandaky ilçi Batyr Rejepow wekilçilik etdi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň ilkinji duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki beýanata gol çekilip, onda döwletleriň arasynda ähli möhüm ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygy bellenildi.
Taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýarlar. Munuň özi nebit, gaz we nebit önümleri ýaly adaty energiýa çeşmeleri, şeýle hem gidroelektrik, Gün we ýel energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi öz içine alýar.
Şeýle hem, meýilnama laýyklykda sebitde elektrik dolandyryşynyň hilini ýokarlandyrmak üçin “akylly” elektrik torlaryny we elektrik saklaýyş ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutuldy.
Taraplar energetika pudagynda gepleşikleriniň dowam etdirilmegi üçin iş toparyny döretmek hem-de energetika ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklaryny guramak babatda ylalaşdylar.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....