BAFTA iň gowy çagalar we maşgala kinosy üçin baýrak berip başlar

  • 07.08.2024 12:25
  • 1.7k+

Britaniýanyň BAFTA kinoakademiýasy “iň gowy çagalar we maşgala kinosy” kategoriýasynda täze baýragyň girizilýändigini habar berdi. Bu baýrak dürli ýaşdaky tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny döredýän islendik žanrly filmlere berler. Baýrak indiki ýyldan berlip başlanar diýip, Film.ru habar berýär.

Bu üýtgeşme 2020-nji ýyldan bäri BAFTA-da ilkinji möhüm täzelik boldy. Şol ýyl iň gowy kasting kategoriýasy girizilipdi. Mundan başga-da, akademiýa dalaşgärler üçin ses bermek prosesini-de üýtgetdi: indi režissýorlyk we aktýorlyk işleri kategoriýalarynda diňe bir eminler däl, eýsem Akademiýanyň tutuş düzümi ses berer.
BAFTA 2025 baýragy üçin dalaşgärler 15-nji ýanwarda yglan ediler, baýrak gowşurylyş dabarasy 16-njy fewralda geçiriler.
Geçen ýyl iň gowy film üçin baýragy Kristofer Nolanyň “Oppengeýmeri” aldy. Ol ýedi baýraga mynasyp boldy.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....