Toyota Hytaýda satuwyň pesligi sebäpli Camry, Sienna we Highlander üçin arzanladyş girizýär

  • 06.08.2024 21:44
  • 14k+

2024-nji ýylyň iýul aýynda Hytaýda Toyota awtomobilleriniň satuwynyň ep-esli pese gaçyşy hasaba alyndy. GAC Toyota bilelikdäki kärhanasy 59 118 awtoulagyň satylandygyny habar berdi, bu bolsa 2023-nji ýylyň iýul aýy bilen deňeşdirilende, 17,1% azdyr. Umumy satuw möçberinde gibrid awtomobilleriň paýy 53,2% boldy.

Hususan-da, iýul aýynda Toyota Camry-nyň satuwy 13 179 birlik boldy, olardan 72,6% - gibrid görnüşler. Sienna miniweniniň satuwy 8320 birlik, Highlander krossoweriniňki bolsa 6158 birlik boldy.
Kompaniýa islegi artdyrmak üçin arzanladyş girizmegi meýilleşdirýär. Müşderiler 3,5 müň dollara çenli göni arzanladyşa, şeýle-de trade-in üçin 2,8 müň dollara çenli arzanladyşa bil baglap bilýärler, bu bolsa täze Toyota modellerini satyn alanyňda, umuman, 6 müň dollardan gowrak mukdar tygşytlamaga mümkinçilik berýär. 


24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......