Arman Dýuplantis Olimpiadada şestli bökmekde dünýä rekordyny goýdy

  • 06.08.2024 15:16
  • 4.4k+

Şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazandy we täze dünýä rekordyny goýdy.

Ilki bilen türgen 6,10 metr beýiklikdäki plankadan geçip, Olimpiýa rekordyny täzeledi. Ol Rio-de-Žaneýrodaky Oýunlarda braziliýaly Tiago Bras tarapyndan goýlan üstünlikden öňe geçdi.
Dýuplantis munuň bilen çäklenmezlik kararyna geldi, ol üçünji synanyşykda 6,25 metr beýikligi geçip, 20-nji aprelde Hytaýyň Sýamyn şäherinde geçirilen Brilliant ligasynyň tapgyrynda goýan 6,24 metr netijesini täzeledi.
Şestli bökmekde kümüş medaly amerikaly Sem Kendriks aldy, ol 5,95 metr netijäni görkezdi. Bürünç medalyň eýesi 5,90 metr netije bilen gresiýaly Emmanuil Karalis boldy.
24 ýaşly Dýuplantis iki gezek Olimpiýa çempiony bolup, sportuň bu görnüşinde lider adyny tassyklady. Şeýle-de, ol ýapyk binada iki gezek dünýä çempiony we açyk howada iki gezek dünýä çempionydyr.
Pariždäki Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçirilýär.


düýn 23:43
3.5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
5.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....