Ýewropada “Ýylyň awtoulagy” diýen ada 40-dan gowrak model dalaş edýär

  • 06.08.2024 11:26
  • 3.5k+

Her ýyl geçirilýän Ýewropada “Ýylyň awtoulagy” awtoulag ýaryşynyň guramaçylary, iki sany hytaý modelini hem öz içine almak bilen, 41 modelden ybarat dalaşgäriň sanawyny çap etdi. Bu täze awtoulaglar eýýäm satuwa çykaryldy ýa-da ýylyň ahyryna çenli Ýewropanyň azyndan bäş ýurdunyň bazaryna çykar diýip, auto.ru habar berýär.

Abraýly ady almak ugrunda aşakdaky ulaglar bäsleşer:

  • Alfa Romeo Junior
  • Audi Q6 e-tron
  • BMW X2 / iX2
  • BYD Seal U
  • Citroen C3 / e-C3
  • Citroen C3 Aircross
  • Cupra Tavascan
  • Cupra Terramar
  • Dacia Duster
  • Fiat Grande Panda
  • Ford Explorer
  • Ford Tourneo Courier
  • Hyundai Inster
  • Hyundai Santa Fe
  • KGM Torres
  • Kia EV3
  • Lexus LBX
  • Maserati GranTurismo
  • Maserati Grecale
  • Mazda CX-80
  • MG Cyberster
  • MINI Cooper SE
  • MINI Countryman
  • Opel Grandland
  • Opel Frontera
  • Polestar 3
  • Polestar 4
  • Porsche Macan
  • Renault 5
  • Renault Symbioz
  • Renault Rafale
  • Skoda Superb
  • Skoda Kodiaq
  • Smart #3
  • Suzuki Swift
  • Toyota Land Cruiser
  • Volkswagen Passat
  • Volkswagen Tiguan
  • Volvo EX90
  • Xpeng G6

Ýewropa markalaryndan başga-da, sanawda bir amerikan, üç koreý we dört ýapon markasynyň awtoulaglary bar. Formal taýdan iki hytaý öndürijisi - BYD we XPeng bar, ýöne Volvo, Polestar we Smart Hytaýyň Geely holdingi tarapyndan dolandyrylýar we MG iňlis markasy bolsa SAIC konsernine degişlidir.
Bäsleşigiň ýeňijisini 22 ýurda wekilçilik edýän 59 awtoulag žurnalistinden ybarat ýörite hünärli eminler saýlar. Gutarnykly uzyn sanaw 15-nji noýabrda düzüler. Bir hepdeden ses bermegiň birinji tapgyry geçiriler, şondan soň 25-nji noýabrda ýedi dalaşgäriň gysga sanawy çap ediler. Ýeňiji indiki ýylyň başynda, megerem, Brýusseldäki halkara awtoulag sergisinde yglan ediler, sebäbi däp boýunça baýragyň gowşurylyş dabarasynyň geçýän ýeri bolan Ženewa salony ýapyldy.
329 bal gazanan Renault Scenic E-Tech ykjam elektrik krossoweri Ýewropada 2024-nji ýylyň awtoulagy boldy. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde BMW-niň  bäşinji seriýasy (308 bal) we Peugeot 3008 (197 bal) eýeledi.


düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....