Türkmenistanly mekdep okuwçylary Er-Riýadda halkara himiýa olimpiadasynda ýeňiş gazandylar

  • 03.08.2024 12:23
  • 4.6k+

Aşgabatdaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň dört sany okuwçysy 21-30-njy iýul aralygynda Er-Riýadda geçirilen 56-njy Halkara himiýa olimpiadasynda medallary gazanmagy başardylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Kümüş medallary Aýgül Atajanowa (11-nji klas) we Rüstem Jumaýew (10-njy klas), bürünç medallary bolsa Jeren Akmyradowa (11-nji klas) we Diýar Döwletow (10-njy klas) eýeledi.
Mekdep okuwçylaryna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary Nurjahan Mälikgulyýewa (fiziki himiýa kafedrasy) we Ýagmyr Tüýlekow (organiki däl we analitiki himiýa kafedrasy) ýoldaşlyk etdiler.
Olimpiada dünýäniň 90 döwletinden 333 sany mekdep okuwçysy gatnaşdy. Jemi 35 sany altyn, 70 sany kümüş we 110 sany bürünç medal ugrunda bäsleşildi.


düýn 18:58
2.5k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......