Saud Arabystany DÇ-2034-e 5 şäherde 15 futbol meýdançasyny taýýarlaýar

  • 03.08.2024 12:39
  • 6.3k+

Saud Arabystany 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna 15 stadion taýýarlamagy meýilleşdirýär. Ýaryşy bäş şäherde: Er-Riýad, Jidda, El-Hubar, Abha we Neom şäherlerinde geçirmek göz öňünde tutulýar diýip, Bloomberg habar berýär.

Käbir stadionlar täze gurlar, bar bolan stadionlar bolsa döwrebaplaşdyrylar we 40 000 orna çenli giňeldiler. Açylyş oýny we final 92 000 tomaşaçyny kabul edip biljek patyşa Salman adyndaky täze stadionda geçiriler.

“Stadionlar janköýerleriň rahatlygy üçin iň täze tehnologiýalar bilen üpjün ediler” diýip, Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Ýasser Al-Mishal aýtdy.

Häzirki wagtda Saud Arabystany 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek islegi bilen ýüz tutan ýeke-täk dalaşgärdir. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. 2030-njy ýyldaky dünýä birinjiliginiň esasy ýer eýeleri Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar, ýaryşyň açylyş oýny Urugwaýda, indiki iki oýun Argentinada we Paragwaýda geçiriler.
2026-njy ýyldan başlap dünýä çempionatlaryna 48 topar gatnaşar.


düýn 13:51
8.7k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......