Gonkongdaky we Makaodaky daşary ýurtly syýahatçylar indi Haýnana wizasyz baryp bilerler

  • 03.08.2024 11:58
  • 4.5k+

30-njy iýuldan Gonkongda we Makaoda syýahat toparlarynyň düzüminde bolan daşary ýurt raýatlary Hytaýyň Haýnan welaýatyna wizasyz barmak mümkinçiligine eýe boldular. Degişli karar Hytaýyň Döwlet immigrasiýa edarasy tarapyndan kabul edildi diýip, Sinhua agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Täze düzgünlere laýyklykda, Gonkongdan we Makaodan gelen syýahatçylar Haýnanyň çäginde wizasyz 144 sagat galyp bilýärler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň Hytaýyň beýleki sebitlerine gitmäge hukuklary ýok. Syýahat toparlary azyndan iki adamdan ybarat bolmaly we olaryň ählisi bilelikde girmeli we gitmeli.
2000-nji ýylda Haýnanda 21 ýurduň syýahatçylary üçin wizasyz režim girizildi. 2018-nji ýylyň maý aýyndan sanaw 59 ýurda çenli giňeldildi. Täze düzgün girizilmezden öň, wizasyz 30 güne çenli möhlet bilen Haýnana 40 Ýewropa, 11 Aziýa ýurdundan, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň 6 ýurdundan, şeýle-de Awstraliýadan we Täze Zelandiýadan syýahatçylar gelip bilýärdi.
2025-nji ýyla çenli Hytaý Haýnany “halkara syýahatçylyk we sarp ediş merkezine” öwürmegi maksat edinýär. “Gündogar Gawaýi” hökmünde tanalýan bu ada özüniň tebigy peýzažlary, tropiki tokaýlary, ösen myhmanhana ulgamy, suwa düşülýän kenarlary we 1,9 müň km-den gowrak uzalyp gidýän kenarýakasy bilen meşhurdyr.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......