Germaniýada deňiz ýaşaýjylarynyň sergisinde dünýäde iň beýik displeý gurnaldy

  • 02.08.2024 23:35
  • 5.1k+

Germaniýada, Oberhauzendäki öňki gazgolderde dünýäde iň beýik proeksion displeýi oturdyldy. 40x20 metr L-şekilli ekran gazometrler muzeýiniň esasy ajaýyplygy bolup, “Umman planetasy” sergisi üçin ulanylýar.

Av Stumpfl-den Flex Contrast PRO-nyň ulanylmagy bilen aýratyn sargyt esasynda taýýarlanan displeý Ars Electronica Solutions tarapyndan taýýarlanan “Tolkun” (Die Welle) heýkeli üçin esas bolup hyzmat edýär. 40 metrlik “Tolkun” ýedi sany 30 000 lýumen lazer proýektory bilen yşyklandyrylyp, hakyky ululygynda kitleriň, balyklaryň we meduzalaryň fotorealistik wizual şekillerini görkezýär.
“Umman planetasy” sergisi ummanlaryň gözelligini görkezmek bilen, myhmanlara umman düýbündäki dünýä aralaşmak üçin ajaýyp mümkinçiligi hödürleýär.

“Biziň Ars Electronica Solutions we Tosca-dan kompozitor Rupert Huber bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işläp taýýarlan tolkun heýkelimiz diňe şu ýerde, Gasometer-de mümkin bolan ummana çümmegiň düýbünden täze effektini üpjün edýär” – diýip, “Tolkunyň” kuratory Nils Sparwasser belleýär.

Gasometer Oberhausen-iň dolandyryjy müdiri Žanett Şmits “Siziň akulalar bilen aw awlamak ýa-da äpet kitlere asyl ululyklarynda syn etmek mümkinçiligiňiz başga nirede bolar?” diýmek bilen, Nilsiň sözüniň üstüni ýetirýär.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......