Volvo gibridlere daýanyp, içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerden ýüz öwürmek meýilnamalaryna täzeden sereder

  • 01.08.2024 17:07
  • 4.2k+

Şwesiýanyň Volvo awtoulag öndürijisi 2030-njy ýyla çenli elektrik ulaglaryna doly geçmek meýilnamalaryna täzeden seredip biler diýip, Autonews habar berýär.

Mundan ozal kompaniýa, gibridleri hem goşmak bilen, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili (ICE) awtoulaglary öndürmekden ýüz öwürmegi meýilleşdirýärdi.
Şeýle-de bolsa, Volvo-nyň baş direktory Jim Rouen dünýäde elektrik ulaglaryna geçmegiň garaşylyşyndan has haýal gidýändigini we birgiden bazarda depginiň haýallaýandygyny aýtdy.
Rouen kompaniýanyň öz meýilnamalaryna nähili düzediş girizjekdigini takyk aýtmady, ýöne çeşmeler Volvo-nyň amerikan dilerleriniň käbiriniň 2030-njy ýyldan soň hem gibrid ulaglary ibermegini  dowam etmegine garaşýandyklaryny aýdýarlar. Roueniň özi, “Volvo” -nyň gibrid tehnologiýa maýa goýmagyny dowam etdirjekdigini tassyklady.
Häzirki wagtda Volvo-nyň satuwynda elektrik ulaglarynyň paýy 26 göterim, bu az däl, ýöne 2030-njy ýyla çenli bazardaky elektrik ulaglarynyň paýynyň 100% bolmagyny gazanmak üçin wagt o diýen kän däl.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......