Tom Kruz Fransiýanyň Hormat legionynyň ordenine mynasyp boldy

  • 01.08.2024 17:00
  • 4.3k+

Aktýor Tom Kruz kinematografiýany ösdürmäge we Parižiň meşhurlygyna goşan goşandy üçin Fransiýanyň Hormat legionynyň ordenine mynasyp boldy. Baýragy Fransiýanyň medeniýet ministri Raşida Dati gowşurdy diýip, Deadline habar berýär.

Bellenilişi ýaly, aktýor bu ordeni "Ýerine ýetirip bolmajak missiýa: Ölüm ar alşy. 2-nji bölüm" filminiň surata düşürilendigi üçin aldy. Filmi surata düşürmeklik 2017-nji ýylda geçdi. Medeniýet ministriniň pikirine görä, munuň özi fransuz paý tagtynyň "ajaýyplyklarynyň görkezip bildi".
Hormat legionynyň ordeni - Fransiýanyň iň abraýly baýraklarynyň biri. Ol döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren hyzmatlary üçin berilýär. Öň, bu baýragy belli kino işgärleriniň ençemesi, şol sanda Robert Redford, Martin Skorseze we Klint Istwud aldy.


düýn 07:46
1.1k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 23:10
2.3k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....