Türkmenistan Owganystan bilen demirýol ulgamynda bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

  • 01.08.2024 18:35
  • 6.6k+

“Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Owganystana amala aşyran iş saparynyň barşynda goňşy döwletiň demirýol infrastrukturalaryny ösdürmegiň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Hyrat welaýatynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda ammarlar toplumynyň we Turgundy-Hyrat demir ýolunyň Turgundy-Sanabar böleginiň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň meýilnamalaryna garaldy. Taraplar Owganystanyň ykdysady durnuklylygyny gazanmakda we Hyrat welaýatynda senagaty ösdürmekde bu taslamalaryň möhüm ähmiýetini bellediler.
Owganystanyň jemgyýetçilik işleri ministriniň orunbasary Baht-ur-Rahman Şarafat bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky demir ýol aragatnaşygy, şeýle hem Turgundy bekedinde ammar toplumynyň - "guryýer portunyň" gurluşygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny ylalaşmak, şeýle hem Turgundy-Sanabar böleginiň birinji tapgyry boýunça bilelikdäki işleriň meseleleri maslahatlaşyldy.

Owganystanyň Demir ýollar müdirliginiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen geçirilen duşuşykda möhletleri gysgaltmak we iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak üçin bilelikdäki taslamalary möhüm ähmiýeti bellenildi.
Taraplar awgust aýynda Aşgabatda Ähtnama we bilelikdäki meýilnama gol çekmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak üçin iş toparyny döretmek hakynda ylalaşyk gazandylar.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....