Kia täze K8 biznes sedanyny hödürledi

  • 01.08.2024 12:04
  • 5.5k+

Kia daşky görnüşinde düýpli üýtgeşmeler alan, täzelenen K8 sedanynyň ilkinji wideo tizerini hödürledi diýip, Carscoops ýazýar.

Iň göze görnüp duran täzelikler awtoulagyň öň tarapyna degişlidir. Adaty elementleri täze dik optika we has kiçi radiator paneli bilen çalşyrylypdyr. Kia Sorento krossoweriniňkä meňzeş dik faralary LED zolak bilen birikdirilipdir.
Awtoulagyň yzky bölegi hem, düýpli üýtgeşmeler girizilmezden, täzeden dizaýn edildi.
Ulagyň içerki bölegi flagman Kia EV9 stilinde bezeler. Hereketlendirijileriniň setiri  benzin we gibrid ulgamlaryny saklar.
Täzelenen Kia K8-iň ilkinji görkezilişiniň awgust aýynda bolmagyna garaşylýar. Ol uzynlygy takmynan bäş metr bolan Toyota Camry-niň dokuzynjy nesli we beýleki biznes-sedanlar bilen bäsleşer.


09.05.2026 12:43
3.5k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....