Toyota çökgünlige garamazdan, 5 ýyl bäri awtoulag satuwynda öňdebaryjylygyny saklap gelýär

  • 01.08.2024 11:12
  • 6.6k+

Toyota şu ýyl 4,7 göterim pese gaçandygyna garamazdan, yzygider bäşinji ýyl dünýäde iň köp satylýan awtoulag bolmagynda galýar. Kyodo agentliginiň maglumatlaryna görä, Toyota 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda, Daihatsu we Hino markalaryny goşmak bilen, beýleki awtoulag öndürijileriniň görkezijilerinden has köp - 5,16 million awtoulag satdy.

Deňeşdirmek üçin, ikinji orunda barýan Volkswagen 4,35 million awtoulag satdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,02 million az.
Toyota-yň umumy satuwy, 2023-nji ýylyň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim azalsa-da, kompaniýa bazarda öňdebaryjylygyny saklap gelýär. Satuwyň depgini sebitlere baglylykda üýtgeýär. Howpsuzlyk synag maglumatlarynyň galplaşdyrylmagy bilen bagly Daihatsu-nyň önümçiliginiň togtadylmagy sebäpli satuw Ýaponiýanyň içerki bazarynda 32% pese gaçdy we 823,595 awtoulag boldy. Şol bir wagtyň özünde, esasanam Demirgazyk Amerikada we Ýewropada islegiň ýokarlanandygy sebäpli, daşary ýurtlarda satuw 3,1% artyp, 4,34 million awtoulag boldy.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......