ABŞ-nyň täze ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 01.08.2024 10:24
  • 3.6k+

31-nji iýulda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rudy Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hanym Elizabet Rudy ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa köpugurly türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda okgunly ösdürilýän döwletara dialogyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi.
Söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň iki ýurduň bu ugurdaky bar bolan mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine goşýan saldamly goşandy bellenildi.
Diplomat Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynda habar bermeklerine görä, Ilçisi Elizabet Rud 24-nji iýulda Türkmenistana geldi. Rud ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde 2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda kasam kabul etdi.
Ilçi Rud Uly Daşary işler gullugynyň geňeşçi-wekil derejesindäki karýera agzasydyr. Ol öňki wezipelerinde ABŞ-nyň Russiýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary; ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň Harby kollejiniň fakultet geňeşçisi; ABŞ-nyň Gruziýanyň Tbilisi şäherindäki ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary; ABŞ-nyň Owganystanyň Kabul şäherindäki ilçihanasynyň syýasy geňeşçisi hökmünde işledi.
Ilçi Rud ozal Döwlet departamentiniň Halkara howpsuzlyk we ýarag ýaýratmazlyk býurosynda Eksport gözegçiligi we hyzmatdaşlyk gullugyna, Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri býurosynda Kawkaz we sebit konfliktleri boýunça gullugyna, şeýle hem Daşary işler institutynyň Durnuklylyk operasiýalary bölümine ýolbaşçylyk edipdi. Ozalky wezipeleriniň arasynda Awstriýada, Germaniýada we Pakistanda, şeýle hem Waşingtonda gulluk etmek bar.
Ilçi Rud Döwlet departamentiniň köp sanly ýokary netijelilik baýraklarynyň, şol sanda üç sany Uly Daşary Işler Gullugynyň ýokary netijelilik baýraklarynyň eýesidir. Demirgazyk Karolinanyň ýaşaýjysy bolmak bilen, ol Merilend uniwersitetinden magistr derejesini we Randolf-Makon zenanlar kollejinden bakalawr derejesini aldy. Ol rus, fransuz, nemes, puştu, dari, gruzin we türkmen dillerini bilýär.


düýn 19:01
1.1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.8k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....