Microsoft Azure ýene-de bir global bökdençligi başdan geçirdi: ol birnäçe serwerlere we oýunlara täsir etdi

  • 31.07.2024 22:44
  • 1.9k+

Microsoft Azure bulut platformasy 30-njy iýul agşamsy ýene-de global bökdençlige sezewar boldy. Psm7-niň berýän habaryna görä, bökdençlik 10 sagat töweregi dowam edip, platformanyň bütin dünýädäki müşderilerine, şol sanda Amerika, Aziýa-Ýuwaş ummany, Ýewropa we Ýakyn Gündogar sebitlerine täsir etdi.

Microsoft kompaniýasy Outlook, Intune we Entra ýaly Microsoft 365 hyzmatlaryna giriş we öndürijilik bilen baglanyşykly näsazlyklary tassyklady. Bu näsazlyk meşhur Minecraft oýnuna hem täsir etdi.
Gözegçilik çeşmeleri, Angliýanyň kazyýet ulgamyndan başlap, Niderlandlaryň “Twente” futbol klubunyň oýunlaryna petek satmak hyzmatyna çenli müňlerçe internet sahypalarynda näsazlygyň täsirini hasaba aldy.
Microsoft bökdençligiň howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetirmekde ýalňyşlyk bilen güýçlenen DDoS hüjümi sebäpli ýüze çykandygyny aýtdy. Kompaniýa ötünç sorap, meseläniň çözülendigini mälim etdi.
Bu bökdençlik CrowdStrike kiberhowpsuzlyk programmasynyň täzelenmegi bilen baglanyşykly global Windows şowsuzlygyndan iki hepde geçmänkä ýüze çykdy.
Windows şowsuzlygy Amerikanyň CrowdStrike kompaniýasynyň platformalarynyň birini täzelemegi bilen baglanyşyklydy. Kompaniýanyň uly tehniki kynçylyga sezewar bolmagy, kärhanalara, awiakompaniýalara, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, döwlet edaralaryna we beýleki guramalara täsir etdi.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...